Gidromeliorasiýa hünäri

102

Ýurdumyzda suwy tygşytlamak we topragyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giň göwrümli işler alnyp barylýar. Suw iň gymmatly tebigy baýlyk bolup, adamyň ýaşaýşy we durmuşy bilen aýrylmaz baglydyr.
Gidromeliorasiýa hünärinde bilim alýan talyplara ekinleri suwarmagyň döwrebap usullary, suwuň berliş möçberiniň kada laýyk derejeleri we suwy tygşytlamagyň ýollary, suwuň derejelerine gözegçilik etmekligi, akymyny sazlamaklygy, ýeri we suwy aýawly saklamaklygy, ekilýän ýerleri suw tutmaga taýýar etmekligiň düzgünlerini, ekinler suwarylanda suwy tygşytlamagyň tärlerini ulanmaklygy, suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny işjeň ýagdaýda saklamaklygyň tärleri öwredilýär.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Zeýkeş ulgamlary”, “Gidrawlika we gidrometriýa”, “Geodeziýa”, “Oba hojalyk meliorasiýasy”, “Gidrotehniki desgalar”, “Melioratiw we gurluşyk maşynlary”, “Akymy sazlamak”, “Gidromelioratiw ulgamlary ulanmak”, “Suw hojalygyny guramak”, “Tehniki mehanika”, “Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy”, “Oba hojalyk suw üpjünçiligi we suwlandyrmak”, “Elektrotehnikanyň esaslary we suw hojalygyny awtomatlaşdyrmak”, “Akymy sazlamak”, “Çyzuwyň esaslary”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Tehnik-meliorator” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71