Oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň hünäri

80

Oba hojalygynyň mehanizmleşdirilmegi we zähmetiň awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Bu hünärde okaýan talyplara oba hojalyk maşynlarynyň we tehnikalarynyň gurluşy, işleýşi, olara edilýän idegler, tehniki hyzmatlar barada giňişleýin düşünjeler berilýär. Talyplar Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde “John Deere”, “Class” okuw merkezlerinde daşary ýurtlaryň oba hojalyk tehnikalarynyň gurluşy, işleýşi, ideg edilişi bilen tanşyp öz bilimlerini we başarnyklaryny artdyrýarlar.
Bu hünärde bilim alýan talyplara aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Tehniki mehanika”, “Konstruksion materiallaryň tehnologiýasy”, “Tehniki ölçegler we standartlar”, “Traktorlar we awtomobiller”, “Maşynlaryň ygtybarlylygy we abatlanylyşy”, “Oba hojalyk maşynlary”, “Maldarçylykda tehnologiki işleriň mehanizasiýasy”, “Elektrotehnika we awtomatika”, “Melioratiw maşynlar”, “Maşyn- traktor parkynyň ulanylyşy”, “Göteriji we daşaýjy maşynlar”, “Ýangyç we çalgy ýaglary”, “Ýol hereketiniň kadalary”, “Çyzuw geometriýasy”, “Oba hojalyk önümçiligini guramak we dolandyrmak”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Tehnik-mehanik” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71