Türkmenistanda 106 müň gektarda ýeralma we gök-bakja ekinleri ekiler

71


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew 2022-nji ýylda 106 müň gektar meýdanda ýeralma hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ekmegiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Wise-premýer ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek hem-de ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary taýýarlamak işleri barada hasabat berildi.

Wise-premýeriň hasabatynda aýdylyşy ýaly, şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň welaýatlarynda 30 müň gektar ýerde ýazlyk ýeralmanyň we 10 müň gektar meýdanda soganyň ekişini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de, tutuş 2022-nji ýylda 106 müň gektar meýdanda ýeralma hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär. Şol sanda 65 müň gektar ýerde ýazlyk ekiş, 41 müň gektar ýerde güýzlük ekiş geçiriler diýip, wise-premýer belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň abat ýagdaýda saklanmagyny hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerinde netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň döwrüň möhüm meselesidigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz ekiş möwsümi üçin zerur tohumlaryň taýýarlanylmagyny üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da ähli welaýatlaryň häkimleri sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, ekin meýdanlaryny möwsüme göwnejaý taýýarlamak, ýerleri sürmek we tekizlemek hem-de kärendeçi pagtaçylary ýokary hasylly tohumlar bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Şu salgydan alnan: https://business.com.tm/tm/post/8188/v-turkmenistane-zaseyut-kartofel-i-ovoshchebahchevye-na-106-tysyach-gektarov


Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71