Maşgala mukaddesligi hakynda ylmy amaly maslahat geçirildi
61,,Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde halkyň milli däp-dessurlaryna eýermekde maşgala mukaddesliginiň möhüm orny’’atly ylmy-amaly maslahat orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary we professor mugallymlary bilen bilelikde geçirildi. Agzybirlik türkmeniň aslyndan gaýdyp, onuň maşgala ahlagyna we medeniýetine mäkäm ornaşandyr.Özara düşünişmek, birek-birege geçirimlik edip, ylalaşyk gazanmak agzybir gatnaşyklaryň esasy aýratynlyklarydyr. Agzybir maşgalalardan düzülen jemgyýet bolsa döwletiň gülläp ösmeginiň iň esasy şertidir.
Türkmeniň maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata -babalarymyzdan miras galan mertlik, namysjanlyk, nesilden-nesile geçip gelen edeplilik, wepalylyk ýörelgeleri bar.
Ata Watanymyzda milli ýörelgelere eýerýän häzirki zaman maşgala ojagynyň berk bolmagynda, eneleriň we çagalaryň hukuklarynyň goralmagynda ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň”,”Türkmenistanyň maşgala kodeksiniň” ähmiýeti uludyr. Maşgala-döwletiň bir ülşi. Edil döwletde bolşy ýa-ly, onuň hem hojalyk ýolbaşçysy, agzalary, býuzeti, edebi ýaşaýyş kadasy bolýar. Şeýlelikde, maşgalalar, hojalyklar toplanyp bitewi döwleti emele getirýär. Şol kiçi hojalyklar, maşgalalar sagdyn, agzybir, berk bolanda, döwlet hem öz gezeginde kuwwatly bolýar. ,,Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde halkyň milli däp-dessurlaryna eýermekde maşgala mukaddesliginiň möhüm orny’’atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar okamana işlemage uly mümkinçilikler döredip beren üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Joşgun Abaýew
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy