Maksada ynamly ýaşlar

48
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşleri we özgerişleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň gözbaşynda Watan hem-de halk barada edilýän çäksiz alada durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladalaryna jogap edip, ýaşlary döwrebap terbiýelemek üçin yhlasly zähmet çekilýär.. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hem ýylyň şygary bilen baglanyşykly gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagşlap talyp ýaşlaryň arasynda “Magtymguly Pyragy – şygryýetiň ussady” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.  Bäsleşikde talyp ýaşlaryň arasynda goşgy ýazmak we olary labyzly okamak, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şeýle-de dana atamyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti hakda gürrüň bermek başarnygyny ýüze çykarmagy kesgitlemäge ýardam etdi. Ýakymly duýgulara beslenen bäsleşikde ýeňiji talyplara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan çeper eserler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 
   Ylym, bilim, terbiýe uzak wagtyň we yhlasly zähmetiň miwesi hasaplanýar. Çünki, biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biz mugallymlara okamaga, öwrenmäge, saýlap alan hünärimiz boýunça döredijilikli zähmet çekmäge hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Supanow Nuraly
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
 okuw mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71