“Pyragynyň söz mülkine syýahat”

32
   2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 25-ne TSTB-niň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler zalynda TSTP-niň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işgärleriniň we Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň hem-de işgärleriniň gatnaşmagynda  beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna bagyşlanan “Pyragynyň söz mülkine syýahat”atly wagyz-nesihat, döredijilik duşuşygy geçirildi.
   Geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Lebap welaýat komitetiniň işgärleri we ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaş ýazyjylar çykyş etdiler. 
   Duşuşykda beýik akyldar şahyr,  gündogaryň beýik pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň goşgylary okaldy. Ýurdumyzda beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli, halkara derejesinde ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler barada durlup geçildi.   
   Çäräniň dowamynda Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.  


Taýirowa Malika
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71