Gadymy ekin Künji barada

34
   Künji örän gadym zamanlardan bäri ekilip gelinýän ekin. Onuň dänesinde 57,6 % ýag, 21,9 % belok, 9,48-19,3 % göterim uglewodlar, 3 % kletçatka we 6,5% suw saklanýar. Künji ýag berýän ekinleriň içinde birinji ýerde durýar. Ol esasan azyk, konditer, konserwa, margarin senagatynda, lukmançylykda, tehniki maksatlar üçin ulanylýar. Künjiniň ýagy alnandan soň mallar üçin oňat iým bolan künjara galýar. Künji ýagynyň tagamy ýakymly süýjümtik bolup ol açyk reňkli suwuklykdyr. Ol organizmde ýeňil siňýändigi bilen tapawutlanýar. Künjiniň dänesi halwanyň , çörek önümleriniň içine garylýar. 
   Bu ekiniň esasy watany Aziýa we Afrikadyr. Esasy ekilýän ýerler,: Indoneziýa, Hytaý, Birma we Merkezi Aziýada: Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan. Türkmenistanda künjiniň hasyllylygy gektardan 22 sentnere ýetýär.Ol Daşoguz welaýatynda has köp ekilýär. Künjiniň häzire çenli belli bolan görnüşleri birýyllyk ot şekilli ösümlikleridir. Bizde diňe bir görnüşli - hindi künjisi öwrenilendir. Künjini güýzlik bugdaý, güýzlik arpa ýaly ir bişýän ekinler ýygnalandan soň ekmek bolýar. Ony ekmezden ozal hökmany ýagdaý-da tagt suwuny tutmaly. Ýer taba gelenden soň 22-25 santimetr çuňlukda sürüm geçmeli. Zerur bolan wagty borona bilen ýeriň ýüzüni ýumşatmaly, agyr mala ýa-da tekizleýji gurallar bilen göwnejaý tekizlemeli. Künji maýda tohumly ekinler üçin niýetlenen ekijiler bilen hatar arasy 70 santimetr edilip ekilýär. Şonda her gektara 6-8 kg tohum harçlanýar. Tomus aýlary howanyň gyzgynlygy ýokary bolýar. Şol sebäpli ekilen künjiden endigan gögeriş almak üçin ol joýalar arkaly suwarylýar. Künjiniň doly gögermegi üçin ekişiň ýokary hilli geçirilmegine üns bermeli. Gämikde gapak emele gelende topragyň ýokary gatlagyny ýumşatmak hökmanydyr. Bu işde ýeňil boronany ýa-da rotasion motygalary ulanmaly we keseligine ýumşadylmaly. Künji gögerip çykandan soň onuň hatararalarynyň topragynyň ýumşadylmagy ýola goýulmalydyr. 
   Mälim bolşy ýaly, ähli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda tohumyň uly ähmiýeti bardyr. Ýaramaz tohum ekilse gowy gögeriş alyp bolmaýar.Bu bolsa ýerleri ekiş üçin zähmetiň  we serişdeleriň netijeliligini peseldýär.Gaýtalap ekmek goşmaça wagt we serişde talap edýär.


 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,
Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty
Umarow Narbaý

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71