Buhgalterçilik hasaba alnyşyny hünäri

93

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizde buhgalterçilik hasaba alnyşyny kämilleşdirmek, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, adamyň aň bilim düşünjesini ösdürip maýa goýumlaryny köpeltmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak Buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda) hünärinde amala aşyrylýar.
Bu hünärde bilim alýan talyplara maýa goýumyň üýtgemeginiň sebäplerini anyklamak, statistiki görkezijilerden peýdalanmak, hasaplaşyk boýunça derňewleri geçirmek bilen bagly dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýär we şu aşakdaky hünär dersleri boýunça bilim berilýär:
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy”, “Ykdysady nazaryýet”, “Oba hojalygynyň statistikasy”, “Agrosenagat marketingi”, “Maliýe we karz”, “Salgytlar we salgyt salma”, “Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy”, “Audit”, “Oba hojalyk önümçiligini guramak we dolandyrmak”, “Oba hojalygynyň ykdysadyýeti ”, “Hojalyk işiniň maliýe seljermesi” , “Sanly ykdysadyýet”, “Telekeçiligiň esaslary”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Buhgalter” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71