Biz barada
1788S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hakynda” 2010-njy ýylyň 25-nji iýunyndaky 11106-njy Karary esasynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2010-njy ýylyň 28-nji iýunyndaky 155 beligili buýrugy bilen döredildi we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebidir.
Mekdebimiz özüni esaslandyrylan ýylyndan bäri orta hünär bilimli ekerançy-agronomlaryň, ýer ulanyjy-tehnikleriň, buhgalterleriň, ykdysatçylaryň, atşynaslaryň, tehnologlaryň, tehnik-mehanikleriň, weterinar feldşerleriň birnäçesini taýýarlap önümçilige ýollady. 2019-njy ýylda Maglumat ulgamlary we Gidromeliorasiýa hünärleri açyldy.
Mekdebiň bölümleriniň tejribeli mugallymlary, döwrebap hünärmenleri taýýarlamagy öz öňlerinde esasy maksat edip goýýarlar we döredijilikli zähmet çekýärler. Olaryň düzüminde oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty we birnäçe derejeli mugallymlar hem bar.
Mekdebimizde häzirki zaman kompýuter-tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, internet ulgamy, okuw-ylmy we çeper edebiýatlary özünde jemleýän kitaphana talyplaryň hyzmatynda.
Mekdebimiziň bölümlerinde aşakdaky hünärler boýunça orta hünär bilimli hünärmenler taýýarlanylýar:
- Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi;
- Dokma önümçiligi;
- Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy;
- Agronomçylyk;
- Oba hojalygynyň mehanizasiýasy;
- Pagtany ilkinji işlap taýýarlamagyň tehnologiýasy;
- Buhgalterçilik hasaba alnyşy;
- Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy;
- Ýer ulanylyşy;
- Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda);
- Weterinariýa;
- Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda);
- Gidromeliorasiýa;