Ders bäsleşikleri

1440

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy täze başlangyçlara eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw jaýlarynda talyplaryň arasynda okadylýan dersler boýunça bäsleşikleriň yzygider geçirilmegine hem aýratyn üns güýçlendirildi.S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hem talyplaryň halkara derejesinde ussat hünärmen, kärine ökde ýaşlary ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Mekdepde okuw dersleriniň, daşyndan hem bilim kämilligini artdyrmakda ders bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulýar. Ders bäsleşigini geçirmek üçin talyplaryň haýsy derse ýykgyn edýänligi, ukyby, höwesi öwrenilýär, talyp bilen höwes edýän dersiniň üstünde sapakda, sapakdan daşary goşmaça ýumuşlar tabşyrmak bilen talybyň şol derse höwesini artdyrmak maksady bilen deň-duş talyplarynyň arasyndan saýlanyp alynýar. Talyplaryň derslerden geçirilýän bäsleşiklerde üstünlik gazanmaklygy, bilimleri çuňňur ele almagyň hem yzygiderli goşmaça düýpli taýýarlygyň netijesidir. Bäsleşik- bu talyplaryň bilim derjelerini we ylym gözýetimlerini giňeltmek maksady bilen geçirilýän ýaryşdyr.

Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşige 

2015-2016-njy okuw ýylynda III orna 8 sany, II orna 6 sany-14 sany talyp;

2016-2017-nji okuw ýylynda III orna 5 sany, II orna 5 sany, I orna 1 sany-11 sany talyp;

2017-2018-nji okuw ýylynda III orna 6 sany, II orna 3 sany, I orna 1 sany-10 sany talyp;

2018-2019-nji okuw ýylynda III orna 3 sany, II orna 2 sany-5 sany talyp;

2019-2020-nji okuw ýylynda III orna 6 sany, II orna 5 sany, I orna 1 sany-12 sany talyp;

2020-2021-nji okuw ýylynda III orna 1 sany, II orna 2 sany, I orna 1 sany-4 sany talyp;

2021-2022-nji okuw ýylynda 9 ugur boýunça 27 sany talyp gatnaşyp, III orna 5 sany, II orna 1 sany-6 sany talyp; 

2022-2023-nji okuw ýylynda 9 ugur boýunça 27 sany talyp gatnaşyp, I orna 1 sany, II orna 3 sany, III orna 6 sany talyp ýaşlarymyz bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda şu ýylky geçiriljek okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigine-de talyplarymyz 9 ders boýunça taýýarlyk görýärler. 

Paýlaş

Biz barada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly [...]

Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly [...]

Sanly bilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly [...]

Kitaphana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly [...]

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71