Gidromeliorasiýa we agromehnika

263

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň çäginde oba hojalyk toplumyny ösdürmek önümçiligiň depginini çaltlandyrmak we olaryň gurluşyny giňeltmek, ýer we suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliliginiň derejesini ýokarlandyrmak, agrar gatnaşyklary we tehnologiýalary kämilleşdirmek şeýle hem tohumçylyk işleri ýaly pudaklary işjeň ösdürmek boýunça bilim berýän “Gidromeliorasiýa we agromehanika” bölümi hereket edýär. Oba hojalyk toplumynyň gidromeliorasiýa we agromehanika meselelerini innowasiýa esasynda çözmek, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tehnikalaryň täze nusgalaryny ornaşdyrmak, ekerançylyk ýerlerini suwlulandyrmak we melioratiw taýdan gowulandyrmak pudagyny ösdürmek we olaryň baş sanyny artdyrmak ýaly dersleri has döwrebap usulda öwretmek bu bölümiň mugallymlarynyň öňünde durýan esasy wezipedir. “Gidromeliorasiýa we agromehanika” bölüminiň düzüminde 4 sany hünär hereket edýär. Olar:
  • Ýer ulanylyşy;
  • Agronomçylyk;
  • Oba hojalygynyň mehanizasiýasy;
  • Gidromeliorasiýa.

Paýlaş

Maldarçylyk

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat [...]

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71