YKDYSADYÝET WE MEÝILNAMALAŞDYRYŞ

Ykdysadyýete eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi ykdysatçylaryň hem-de buhgalterleriň taýýarlygyna täzeçe çemeleşmegi talap edýär.

Bu hünärde bilim alýan talyplar esasan agrosenagat toplumynyň maliýe we hasabat bölümlerinde, hojalyk hasaplaşygynda işleýän kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, hojalyklarda hem-de beýleki oba hojalyk kärhanalarynda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işlemek üçin taýýarlanylýar. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi ýokary depginli ösüş bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň üçin hem onuň ösüşiniň tehnologik we guramaçylyk esaslary döwrüň talabyna laýyk ýaşlary ýetişdirmek bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky hünär dersleri boýunça bilim berilýär: “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy”, “Ykdysady nazaryýet”, “Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we meýilnamalaşdyrylyşy”, “Oba hojalygynyň statistikasy” , “Agrosenagat marketingi”, “Maliýe we karz”, “Hojalyk işiniň maliýe seljermesi”, “Salgytlar we salgyt salma”, “Oba hojalyk önümçiligini guramak we dolandyrmak”, “Sanly ykdysadyýet”, “Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy”, “Audit”.

Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Ykdysatçy” käri berilýär.