Önümçiligiň tehnologiýasy

1070

Önümiligiň tehnologiýasy bölümi, häzirki döwürde iň bir netijeli pudaklaryň birine öwrüldi. Bölümde dört sany taýýarlyk hünärler boýunça inzener tehnologlar taýýarlanylýar: Bölümde üç sany: Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy, Dokma önümçiligi, Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy hünärleri bolup, olarda birnäçe tejribeli mugallymlar işleýär. Talyplar bölümde pagta süýümini taýýarlamagyň, ýüplügiň egrilişiniň, matanyň dokalyşynyň, örülişiniň tehnologiýalaryny we tikilýän dürli egin-eşikleri konstruirlenişini tutanýerlilik bilen öwrenýärler. Okuw mekdebimizde taýýarlanylýan hünärmenleriň kär başarnyklary, şonuň bilen baglylykda geçirilýän okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak we nazary okuwlary önümçilik bilen baglanyşdyrmak hem-de talyp ýaşlarymyzyň milli tikinçilik sungatyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen bölümde döredilen tikinçilik, halyçylyk, örmeçilik we taraçylyk okuw-tejribe otaglarynda talyplar bilen geçirilýän okuwlary önümçilik bilen utgaşdyrylyp geçirilmegi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dokma we ýeňil senagaty pudagynyň dürli ugurlary boýunça birnäçe döwrebap kärhanalar we dokma toplumlary guruldy. Dokma senagaty toplumyny ýokary bilimli, milli hünärmenler bilen üpjün etmek bölümiň baş maksady bolup durýar. “Dokma önümçiligi” bölüminiň düzüminde 3 sany hünär hereket edýär. Olar:
  • Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy;
  • Dokma önümçiligi;
  • Tikin önümçiligi.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71