Dokma önümçiligi hünäri

68

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda başlanan bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi we bu ugurda gowy netijeleriň gazanylmagy barha öňe tarap güýçli depginde amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dokma senagaty häzirki wagtda iň uly kärhananyň hataryna goşuldy. Ýokary hilli dokma önümlerini öndürmekde öz hünärine kämil, ähli zatdan baş çykaryp bilýän hünärmenleri taýýarlamak, ýokary hilli dünýä ülňülerine laýyk gelýän dokma önümlerini öndürmekde ýaş hünärmenler taýýarlanylýar.
Bu hünärde bilim alýan talyplar pagtadan öndürilýän ýüplükleriň hilini, berkligini kesgitlemekde dokalýan matalaryň ýokary hilli bolmagy ugrunda öz bilimlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýär.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Tebigy süýüm”, “Dokma materiallaryny öwrenmek”, “Dokma materiallarynyň mehaniki tehnologiýasy”, “Dokma önümçiliginiň innawasion tehnologiýalary we enjamlary”, “Matanyň gurluşy we bezelişi”, “Dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasy”, “Elektrotehnika”, “Materologiýa we standartlaşdyrmak”, “Awtomatika”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Tehnolog” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71