Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy hünäri

1757

Pagtany ilkinji işlemek hünäri häzirki döwürde talyplar hünär ugurlary boýunça 14-dersden sapaklar geçirilýär.
Hünärde mugallymlary dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän pagta çig malyny gaýtadan işlemek üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Talyplaryň alan nazary bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyrmak maksady bilen orta hünär okuw mekdebiň tejribeli mugallymlary tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Lebap pagta önümçilik birleşiginde pagta süýüminiň ähli görkezijilerini kesgitleýän tejribehanada amaly we tejribe sapaklaryny geçýärler.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Elektrotehnika”, “Metrologiýa we standartlaşdyrmak”, “Pagtany kabul etmek, saklamak we guratmak”, “Süýümli materiallaryň mehaniki tehnologiýalary”, “Pagta önümleriniň hilini barlamak”, “Kärhanalaryň önümçilik işleriniň mehanizasiýasy”, “Pudagyň kärhanalarynyň tehnologiki enjamlary”, “Tehnologiki enjamlaryň gurnalyşy, sazlanylyşy we ulanylyşy”, “Awtomatika”, “Kärhanalaryň tehnologiki enjamlarynyň bejerilişi”, “Pudakda önümçiligi guramak we dolandyrmak”, “Pudagyň ykdysadyýeti”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Tehnolog” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71