Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy hünäri

62

Tikinçilik, senetçilik, biçimçilik hünäri ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän milli sungaty hasaplanylýar. Bu ugurda hünär öwrenýän hünärmenler dürli görnüşli tikin önümlerini öndürmek, dürli biçüwdäki milli egin-eşikleriň ülňülerini taýýarlamak, degişli pudaklarda işlemegiň innowasion ugurlaryny ösdürmekde täze-täze owadan, täsin, döwrebap önümleri taýýarlamagyň inçe tilsimatlaryny öwrenýärler.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Tebigy süýüm”, “Tikin önümçiliginde suratçylyk”, “Tikin önümçiliginiň materiallary”, “Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy”, “Tikin önümlerini konstruirlemek”, “Tikin maşynlary we enjamlary”, “Tikin önümlerini modelirlemek we çeper bezemek”, “Elektrotehnika”, “Metrologiýa we standartlaşdyrmak”, “Awtomatika”, “Önümçiligiň howa şertlerini kadalaşdyrmak”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Tehnolog” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71