1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.
2. Agronomçylyk.
3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
5. Gidromeliorasiýa.
6. Weterinariýa.
7. Ýer ulanylyşy.
8. Maglumat ulgamlary.
9. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.
10. Dokma önümçiligi.
11. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.
12. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
13. Atçylyk.
14. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat şäheri) 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 16-17-si, 19-y we 20-si günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi; atçylyk; agronomçylyk; weterinariýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: dokma önümçiligi; tikin önümçiliginiň tehnologiýasy; pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy; dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: oba hojalygynyň mehanizasiýasy; gidromeliorasiýa; maglumat ulgamlary; ýer ulanylyşy — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: buhgalterçilik hasaba alnyşy; ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan: