Ýer ulanylyşy hünäri

1673

Ýurdumyzyň ýer serişdelerinden ygtybarly peýdalanmak, täze ýerleri özleşdirmek, ilatly nokatlaryň we ol ýerdäki desgalaryň, binalaryň taslamalaryny taýýarlamak, oba hojalygynyň topografik kartasyny taýýarlamak, ýer üstüniň geodezik ölçeglerini geçirmek, alnan maglumatlary matematiki taýdan işlemek we grafiki tertipleşdirmek boýunça orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamak Ýer ulanylyşy hünäriniň öňünde durýan esasy wezipedir.
Talyplar bu hünäri ele almak bilen täze açylan ýerleri özleşdirmek, olary medeni sebitlerine, ilatly nokatlara öwürmek, gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek, suw akabalaryny we ýollary geçirmek üçin taslamalary hem-de topografik kartalary taýýarlamagyň inçe tilsimlerini öwrenýärler.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Oba hojalyk önümçiliginiň tehnologiýasynyň esaslary”, “Ýer gurluşyk çyzuwy”, “Klimotologiýa, standartlar we tehniki ölçegler”, “Geodeziýa we kartografiýa”, “Ýer gurluşygynyň taslamasy”, “Ýere baha bermek”, “Ýer kadastry”, “Obalary gurmagyň taslamasy”, “Ýollaryň taslamasy we gurluşygy”, “Ýer gurluşyk işlerini guramak we dolandyrmak”, “Ýer baýlyklaryny ulanmakda çaklamak we meýilleşdirmek”, “Topragy öwreniş we oba hojalyk meliorasiýasy”, “Geografiki maglumatlar ulgamy”, “Gurluşyk işlerini alyp barmagyň ekologiki ugurlary”, “Ýerden peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligi”
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Ýer ulanyjy-tehnik” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71