Agronomçylyk hünäri

1380

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň durmuşynyň beýleki ugurlaryndaky amala aşyrylýan özgertmeler bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda guramak, iň gowy tejribäni we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, daýhanlara zerur bolan ýokary hilli tohum, mineral dökün bilen üpjün etmäge bagly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda önüm bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berýär.
Oba hojalyk işleri alnyp barlanda, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklara aýawly ýa-da ekologiýa nukdaýnazardan çemeleşmek örän möhümdir. Oba hojalyk pudagyny dünýä derejesinde ösdürmek üçin ekerançylygyň gazananlaryny özleşdirmek zerurdyr. Agronomçylyk bölüminde taýýarlanýan talyplara ýurdumyzyň oba hojalygynda öndürilýän azyk önümleriniň ekologiýa taýdan arassalygyny, daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygyny, oba hojalygynda tebigaty goramagyň möhüm meselelerini, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň nazaryýet we amalyýet esaslaryny geljekki ugurlary bilen baglanyşykda giňden öwretmek göz öňünde tutulýar.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Oba hojalyk meliorasiýasy”, “Ekerançylyk”, “Oba hojalyk önümçiligini mehanizmleşdirmek”, “Gök ekerançylyk we bakjaçylyk”, “Oba hojalyk ekinleriniň genetikasy seçgisi we tohumçylygy”, “Topragy öwreniş”, “Agrohimiýa we dökünleri ulanmagyň düzgünleri”, “Ösümlikçilik”, “Pagtaçylyk”, “Däneçilik”, “Ösümlikleri goramak”, “Miweçilik we üzümçilik”, “Oba hojalyk önümçiligini meýilnamalaşdyrmak, guramak we dolandyrmak”, “Botanika”, “Ösümlikleriň fiziologiýasy”, “Agrometirologiýanyň esaslary”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Ekerançy- agronom” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71