Türkmen gallaçylary Watan harmanyna 1,5 million tonna golaý bugdaý tabşyrdylar

24
Türkmenistanyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Ýazmyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, möçberleri tassyklanan oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan ýer böleklerini alan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar döwlet tabşyrygy esasynda 2022-nji ýylyň bugdaý hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamadan artyk öndüren bugdaý hasylynyň bir tonnasyny 1 müň 600 manatdan döwlete tabşyrmaga borçly edildi. Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti giňişleýin mejlisiň dowamynda gol çekdi.
Şeýle-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý hasylyny tabşyrýan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar bilen bellenen tertipde bugdaýyň bahasy boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin mejlisiň dowamynda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71