Türkmenistan Gyrgyzystana $6,6 millionlyk pomidor eksport etdi

17
Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Gyrgyzystana 6,6 million ABŞ dollarlyk pomidor eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,8 esse ýokarydyr. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, “24.kg” agentligi duşenbe güni habar berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Gyrgyzystany pomidor bilen üpjün ediji öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Özbegistan hem pomidoryň eksporty boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda bolup, 1,8 million ABŞ dollarlyk pomidoryň 3,9 müň tonnasyny Gyrgyzystana iberdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 441,5 tonna artykdyr.
Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda Gyrgyzystana eden eksportynyň umumy möçberi 41,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. Pomidordan başga-da, Türkmenistan Gyrgyzystana kelem, gök önümler, konditer önümleri, şokolad, nebit önümleri, azot dökünleri, plastmassa önümleri ýaly beýleki harytlary hem eksport edýär.
Şu ýylyň aprel aýynyň başynda Türkmenistan Russiýa we Gazagystana 200 tonna pomidor eksport etdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71