Türkmenistanda bugdaýy, pagtany, gant şugundyryny öndürijiler höweslendirilýär

47
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satylar.
Bu resminama ýurdumyzyň oba hojalykçylaryny bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň bol hasylyny öndürmäge, bu ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz bu çözgüdiň önüm öndürijilere döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradowa resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71