Mary welaýatynda 251,8 müň tonnadan gowrak gök önüm ýygnaldy

45
Türkmenistanyň Mary welaýatynyň daýhanlary 2022-nji ýylda 251,8 müň tonnadan gowrak gök önümiň hasylyny ýygnadylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni geçen ýylyň önümçilik möçberi barada beren statistiki maglumatlarynda mälim etdi.
Bu döwürde welaýat boýunça 34,2 müň tonnadan gowrak miwe we 112,38 müň tonna gawun hasyly alyndy.
Maglumata görä, ýygnalan hasylyň içinde 159,7 müň tonnadan gowrak ýer alma we 32,4 müň tonna üzüm bar.
Şeýle-de Türkmenistanyň resmi metbugaty Mary welaýatynyň maldarçylyk pudagynyň hem ýokary üstünliklere eýe bolandygyny mälim etdi. Häzirki wagtda welaýatda eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki daýhan hojalyklarynda 5,1 milliondan gowrak goýun we geçi idedilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71