Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünäri

2729

Hünäri okatmaklygyň esasy maksady ýurdumyzda bugdaýy saklamak üçin niýetlenen elewatorlaryň we çörek önümlerini öndürýän önümçilik toplumlarynyň tehnologiki işini guramagy başarýan, innowasion tehnologiýalara erk edip bilýän, dänäni gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümçilik-tehnologik ulgamlarynyň taslamasyny düzmegi, olary guramaklyga we işe girizmeklige ýolbaşçylyk etmegi başarýan kämil hümärmenleri taýýarlamakdan ybarat. Ýurdumyzda öndüriljek galla hasylyny kabul etmek, arassalamak, saklamak we gaýtadan işlemek üçin ýokary kuwwatlykly, ýeterlik derejede sygymlylygy bolan, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen galla önümleri kärhanalarynyň işi üçin hünärmenleri taýýarlamak bu hünäriň esasy wezipesidir.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky hünär dersleri boýunça bilim berilýär:
“Dänäni gaýtadan işleýän önümçiligi mehanizmleşdirmek”, “Dänäni guratmagyň tehnologiýasy”, “Dänäni kabul etmegiň we saklamagyň tehnologiýasy”, “Unaş öndürmegiň tehnologiýasy”, “Kärhanalaryň tehnologiki enjamlary”, “Çörek we çörek önümlerini öndürmek”, “Elewator önümçiliginiň tehnologiýasy”, “Gallany gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy”, “Ýarmanyň we unuň tehnologiýasy”, “Hil barlagy” , “Däneçilik” , “Garyndyly iýmleriň tehnologiýasy ” , “Şaly önümçiliginiň tehnologiýasy”, “Metrologiýa , standartlaşdyrmak we hili dolandyrmak”, “Biohimiýa”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Tehnolog” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71