Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi hünäri

189

Hünäri okatmaklygyň esasy maksady oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän kärhanalary üçin oba hojalyk kärhanalarynyň ähli önümçilik işini ylmy esasda guramagyň binýadyna erk edip bilýän, ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, tehnologiki prosesi ylmyň talaplaryna we kadalaýyk ölçeglerine laýyklykda guramagy başarýan, taýýar azyk önümleriniň bäsleşige ukyplylygynyň esasy görkezijisi hökmünde hili döretmegi başarýan ussat hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda öndürilýän taýýar oba hojalyk önümleriniň halkara ülňülerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi guramak arkaly azyk bolçulygyny döretmek bu ugurda bilim alýan geljekki hünärmenleriň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky hünär dersleri boýunça bilim berilýär:
“Dänäni gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary”, “Miwe we gök önümleri gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary”, “Et we süýt önümlerini gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary”, “Ösümlik ýagyny öndürmegiň innowasion tehnologiýalary”, “Kärhanalaryň tehnologiki enjamlary”, “Oba hojalyk önümleriniň daşalyşy we saklanylyşy”, “Awtomatika”, “Metrologiýa , standartlaşdyrmak we hilini taslamak”, “Oba hojalyk önümçiligni guramak we dolandyrmak” , “Ot-iým önümçiligi”, “Biohimiýa”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Tehnolog” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71