Atçylyk hünäri

183

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň atçylaryň öňünde tohum atlaryň sanyny artdyrmagy, ýokary kuwwaty bolan owadan atlary köpeltmek arkaly maldarçylyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmagy wezipe edip goýdy. Bu wezipäni üstünlikli çözmekde atçylyk hünäri boýunça bilim berýän mugallymlar netijeli işleri alyp barýarlar
Atçylyk hünärinde bilim alýan talyplara atçylyk pudagyny ösdürmekde tohum atlarynyň sanyny köpeltmek, ýaş taýçanaklary kadaly ösdürip ýetişdirmek, ýokary hilli ot-iýmler bilen üpjün edip, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, weterinar-sanitar çäreleriniň ýerine ýetirilişini hemişelik gözegçilikde saklamak bilen bagly dersler boýunça maglumatlar çuňlaşdyrylyp öwredilýär.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Atçylyk”, “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz ”, “Atlaryň anotomiýasy we fiziologiýasy”, “Atlaryň seýislendirilişi we synag edilişi ”, “Atçylyk toplumlarynyň enjamlaşdyrylyşy we olaryň ulanylyşy”, “Atlary iýmitlendirmek”, “Atlaryň ýokanç we ýokanç däl keselleri ”, “Tohum atçylyk we seçgi işleriniň esaslary”, “Genetika”, “Atçylyk sporty”, “Akuşerçilik ginekologiýa we emeli tohumlandyrma”, “Atçylygyň gurluşy we dolandyrylyşy”, “Botanika we ot-iým önümçiligi”, “Weterinariýanyň esaslary”, “Maldarçylygyň esaslary”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Atşynas” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71