Weterinariýa hünäri

296

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maldarlarynyň öňünde mallaryň baş sanyny artdyrmagy, ýokary önümli mallary köpeltmek arkaly maldarçylyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmagy wezipe edip goýdy. Bu wezipäni üstünlikli çözmekde weterinariýa hünäri boýunça bilim berýän mugallymlar netijeli işleri alyp barýarlar.
Weterinariýa hünärinde bilim alýan talyplara maldarçylyk pudagyny ösdürmekde mallaryň baş sanyny köpeltmek, ýaş mallary kadaly ösdürip ýetişdirmek, ýokary hilli ot-iýmler bilen üpjün edip, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, weterinar-sanitar çäreleriniň ýerine ýetirilişini hemişelik gözegçilikde saklamak bilen bagly dersler boýunça maglumatlar çuňlaşdyrylyp öwredilýär.
Bu hünärde bilim alýan talyplara şu aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Oba hojalyk mallarynyň patalogiki fiziologiýasy we patalogiki anatomiýasy”, “Maldarçylyk zoogigiýenasy we weterinar – sanitariýasy”, “Farmakologiýa we toksikologiýa”, “Weterinar mikrobiologiýasy”, “Oba hojalyk mallarynyň anatomiýasy we fiziologiýasy”, “Kliniki diagnostika”, “Operatiw hirurgiýa”, “Umumy we hususy hirurgiýa”, “Parazitologiýa we oba hojalyk mallarynyň inwazion keselleri”, “Içki ýokanç däl keseller”, “Epizootologiýa”, ”Oba hojalyk mallaryny iýmitlendirmek”, ”Weterinar-sanitar ekspertizasy”, ”Weterinarçylyk işleriniň guralyşy we ykdysadyýeti”, ”Weterinar akuşerçiligi we emeli tohumlandyrma”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Weterinar feldşeri” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71