Maglumat ulgamlary hünäri

182

Maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşini ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi, onuň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşi üçin wajyplygyny görkezýär. Oba hojalygyndaky maglumat ulgamlaryny sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn wezipelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kegitlenýär.
Bu hünärde bilim alýan talyplara sanly ulgam babatda ýurdumyzda bitewi maglumat giňişliginiň esasyny öwretmek, üpjünçilik we hyzmatlar ulgamlaryny maglumatlaryň barha artýan möçberlerine laýyk derejede taýýarlamak, elektron resminamalaryň dolanşygyny ýaýbaňlandyrmak, dürli görnüşdäki maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýän täze çeşmeleri we çözgütleri ulanmagy öwretmek bu hünäriň öňünde durýän esasy wezipedir.
Maglumat ulgamlary hünärinde bilim alýan talyplara aşakdaky dersler boýunça bilim berilýär:
“Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary”, “Operasion ulgamlary”, “Kompýuteriň arhitekturasy”, “Multimediýa tehnologiýalary”, “Kompýuterleşdirilen maglumatlaryň derňewi”, “Programma üpjünçiliklerini işläp düzmek”, “Maglumatlar binýady we maglumatlary dolandyrmak”, “Maglumat ulgamlary administrirleme”, “Infokommunikasion ulgamlary we torlary”, “Maglumat howpsuzlygy”, “Kompýuter grafikasy”.
Bu hünäri tamamlaýan uçurymlara “Programmaçy-operator” käri berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71