7-nji aprel: Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden belleniler

3

7-nji aprelde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçiler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda  döwlet Baştutany aýratyn belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda sporty ösdürmäge hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71