Türkmenistan we IFAD oba hojalyk öndürijileri üçin goldaw taslamalaryna gararlar

114
Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowyň sişenbe güni Rimde Halkara Oba hojalygynyň ösüş gaznasynyň (IFAD) binasynda gaznanyň Prezidenti Žilber Fossun Ungbo bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IFAD-yň arasynda özara hereketler boýunça iş alyp barmaga hem-de geljekde oba hojalyk öndürijilerine goldaw bermek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardyklaryny bellediler.
Türkmen diplomaty oba hojalygyny innowasiýa çözgütleri üçin ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işler we özgertmeler barada gürrüň berdi.
IFAD-yň Prezidenti hem öz gezeginde gaznanyň işi we onuň dünýä ýurtlarynda durmuşa geçirýän oba ilatynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalary barada habar berdi.
IFAD ösüp barýan ýurtlaryň oba ýerlerinde azyk önümçiligini ýokarlandyrmak we oba hojalygy tehnologiýasyny gowulandyrmak üçin maliýe çeşmelerini toplamak boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasydyr.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71