«Arkadagly Gahryman Serdar bilen gül açýar ata Watan» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

186 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri barada orta hünär okuw mekdebimizde « Arkadagly Gahryman Serdar bilen gül açýar ata Watan» atly professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň umumy mejlisinde we bölümlerinde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy, ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işler we olaryň ýerine ýetirilişi babatyndaky meseleler hakynda çykyşlar diňlendi.
Ata-babalarymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda arzuwlan zamanasyna ýetirip, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda türkmen halky aýratyn orun eýeleýär. 
    «Arkadagly Gahryman Serdar bilen gül açýar ata Watan» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkyny belende galdyrmakda we dünýä ýaýmakda, milliligimizi kämilleşdirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. 

Maksat Akyýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat 
agrosenagat orta hünär okuw 
mekdebiniň  mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71