«TÜRKMEN ALABAÝY — HALKYMYZYŇ MILLI GYMMATLYGY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI.
126Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli orta hünär okuw mekdebimizde «Türkmen alabaýy — halkymyzyň milli gymmatlygy» atly professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň umumy mejlisinde we bölümlerinde türkmen alabaýlarynyň wepalylygy, batyrlygy, ýetişdirilişi we idedilişi, milli itşynaslyk mekdebiniň ylmy esaslary hakynda çykyşlar diňlendi.
Bellenişi ýaly, ata-babalarymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda kämillik derejesine ýetirip, dünýä medeni ulgamyna goşan milli gymmatlyklarynyň hatarynda türkmen alabaýlary aýratyn orun eýeleýär. Olar türkmen halkynyň durmuşynda her bir öý-ojagyň, süriniň abadançylygynyň goragçysy hasaplanýar.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndaky alabaýlaryň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydygy, ony gorap saklamagyň, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmegiň biziň borjumyzdygy hakyndaky pikir-garaýyşlaryny buýsanç bilen nygtadylar.
«Türkmen alabaýy — halkymyzyň milli gymmatlygy» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzyň sergisi bilen hem tanyşdylar. Olary has-da belende galdyrmakda we dünýä ýaýmakda, milli itşynaslyk düzümini kämilleşdirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.
Alihoja Azbarhojaýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.