Täze ösüşlere badalga

119
  2023-nji ýylyň Noýabr aýynyň 16-na Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.Iş saparynyň barşynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň we şol sanda Ylmy-barlag institutlarynyň binalarynyň taýýarlanan taslamalary bilen tanyşdy.Taslamada uniwersitetiň okuw binalar toplumynyň,uniwersitede degişli Ylmy-önümçilik synag merkezleriniň,Ýyladyşhana toplumlarynyň,Ylmy-barlag Däneçilik we Ylmy-barlag Ekerançylyk institutlarynyň teklip edilýän şekil taslamalary bar.Hormatly Prezidentimiz şekil taslamalar bilen tanyşyp degişli belliklerini aýtdy.
Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumy Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmeli we olaryň ýerleşjek ýerleri ylmy esasda içgin öwrenilmelidir.Bu maksatnamalaryň ýokary derejelerde amala aşyrylmagy ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň mundan beýläkde pugtalanmagyna ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalara gaýtadan seretmegi we binalary gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň,Daşky gurşawy goramak ministrliginiň,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň,Ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary Arkadag şäherinde Obasenagat toplumyna degişli Ylmy-barlag önümçilik merkezleriniň gurulmagynyň meýilleşdirilmegi, Oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegine uly ähmiýet berjekdigini bellediler we degişli çözgütleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza toplumyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Maýa Arslanowa S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw
 mekdebiniň mugallymy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71