“Bagtyýarlyga beslenen edermen ýaşlar”
124S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda TSTB-niň Lebap welaýat bölüminiň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň we partiýanyň agzalarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyga beslenen edermen ýaşlar” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Halkyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçýän halk bähbitli özgertmeler, ýaşlaryň ýagty gelejegi ugrunda edilýän atalyk aladalar, ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýiti zehinli, döredijilikli bolmaklary barada täsirli gürrüňler etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar mundan beýläkde bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtady. Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza Okamak, halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Akmyradow Akmyrat S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.