Mekdepde okuw-usulyýet we terbiýeçilik işleriniň talaba laýyk ýöredilişi
225 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde oktýabr aýynyň 30-da, noýabr aýynyň 10-da, noýabr aýynyň 27-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan çykarylan buýruklary we buýruk beriji häsiýetli resminamalary (hatlary, ýygnaklaryň beýanlaryny) ýerine ýetirmek we ýerine ýetirilişini resmileşdirmek boýunça seminar geçirildi.
Bu seminary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň direktory A. Abdullaýew açyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirip bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýändigini, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim minstrligi tarapyndan çykarylýan buýruklary we buýruk beriji häsiýetli resminamalary ( hatlary, ýygnaklaryň beýanlaryny) ýerine ýetirmek we ýetirilişini resmileşdirmek babatda geçirilýän guramaçylyk-hukuk işleriniň yzygiderli geçirilýändigini belledi.
Seminarda mekdebimiziň okuw bölüminiň esasy hünärmeni T.Gotdaýewa çykyşynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan iberilýän buýruklaryň we beýanlaryň çözgütleri boýunça işleriň geçirilýändigini, olary resmileşdirmek işleriň talaba laýyk alnyp barylýandygyny, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidigini, jemgyýetimiziň umumyadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almaklary üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar diýip nygtady.
Bu seminarda “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary Ý.Reýimowa gün tertibiniň meselesi boýunça häzirki wagtda ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde uzak aralykdan aralaşmak üçin saýtlar, portallar döredilýär. Bu saýtlar we torlar beýleki daşary ýurt mekdepleri bilen sanly ulgam arkaly birikmäge, özara okuw sapaklaryny guramaga, seýle-de sanly bilim ulgamy talyp ýaşlara gündelik öwrenilen bilim maglumatlaryny özbaşdak baýlaşdyrmaga, maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy G.Kulyýewa