Bitaraplyk biziň baky bagtymyz
114 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur, baýramlara şanly wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat bölümi bilen Türkmenabat şäherindäki Diýar toý mekanynda Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk biziň baky bagtymyz” atly aýdym-sazly dabaraly çäre mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Aýdym-sazly dabaraly çäräniň dowamynda mugallymlar we talyp ýaşlar türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy, ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işler we olaryň ýerine ýetirilişi babatyndaky meseleler hakynda çykyşlar we diýarymyzy wasp edýän aýdymlar diňlendi.
Türkmenistan gysga taryhy döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen, parahatçylygyň ähliumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelglerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady.
Hakykatdanam, hemişelik Bitaraplygymyz biziň bahasyny hiç bir zada deňäp bilmejek gymmatlygymyz. Biz şol gymmatlyga eýe bolup, dünýä sary ýol saldyk, dünýäniň Asmanynda laçyn deýin ganat ýaýdyk. Hemişelik Bitaraplygymyz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda diňe, belent sepgitlere tarap ugur alýarys.
“Bitaraplyk biziň baky bagtymyz” atly aýdym-sazly dabaraly çärä gatnaşyjylar Türkmen halkynyň at-owazasyny belende galdyrmakda we dünýä ýaýmakda, milliligimizi kämilleşdirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Amanowa Nurjemal Artykmuradowna