Kämil nesil — ýurdumyzyň daýanjy.

76
   Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlara dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän derejede bilim bermek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Arkadagymyz döwlet başyna geçen ilkinji gününden bilime, ylma giň ýol açdy, Türkmenistan ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler geçirilýär. 
Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda milli bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyna we terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, tämiz ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde ähli pudaklarda ylym düýpgöter ösdürilýär we özgerdilýär. Biziň ýurdumyzda elektron hasaplaýjy maşynlaryň, kompýuterleriň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy ylmy taslamalary oňat hilde taýýarlamaga, ylmy hasaplamalary ýokary takyklykda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. 
   Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmyň dürli ugurlaryny çuňlaşdyryp öwrenmek baradaky öwüt-ündewleri dil we hünär öwrenmek ylmyna hem degişli bolup durýar. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmaga degişli wezipeleri çözmek üçin daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek işleri bellenilen tertipde alnyp barylýar. 
   Interaktiw-multimediýa tehnologiýalarynyň üsti bilen her temanyň mazmunyny giňişleýin we hemmetaraplaýyn beýan etmäge uly mümkinçilikler döreýär. Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalardan, tehnikalardan düýpli baş çykarýan türkmen hünärmenleriniň täze nesli kemala getirilýär. Dünýä ylmynda gazanylan täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar. Häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp guralýan her bir sapak çuňňur manyly, ýatda galyjy we has-da täsirli bolýar. Döwletimiziň barha giň gerim bilen halkara ykdysady giňişligine goşulyşýan döwründe ýaşlaryň daşary ýurt dillerini hünäri bilen baglanyşdyryp öwrenmekleri möhümdir. 
   S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary saýlan hünär ugurlary boýunça kämil hünärmenler edip ýetişdirmekde, berilýän bilimiň netijeliligini artdyrmakda, olaryň kompýuter tehnologiýalaryny erkin işläp bilmeklerini gazanmakda mugallymlarymyz döredijilikli işleýärler. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ugruna degişli talyplaryň, adalgalary, ylmy makalalary, tekstleri, dürli görnüşdäki kiçi, orta we uly kärhanalarda  okuw sapaklaryny kämilleşdirip, öz hünärleri boýunça bilim taýýarlygyny ýokarlandyrýarys. Geljekki tehnologlaryň hünär baýlygyny artdyrmak üçin eşidiş, ýazuw, görüş, okaýyş we diňleýiş endiklerini kämilleşdirmeli bolýar. 
Ähli temalar kesgitlenen meýilnama laýyklykda talyplara öwredilip, olaryň bilime, ylma, hünärlerine bolan gyzyklanmasyny we höwesini artdyrmaga çalyşýarys. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen biziň ýurdumyzda döwrebap okamaga, öwrenmäge we döretmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

       Türkmenabat agrosenagat orta           
       hünär okuw mekdebiniň  
       mugallymy, Wepa Joraýew. 

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71