ÜSTÜNLIKLERE BESLENEN SPORT ÝARYŞLARY
122 Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde döwletimizde ýaşlaryň sagdyn ösmegi, çuňňur bilim we mynasyp edep-terbiýe almagy, giň dünýä garaýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hem S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde ýörite mekdep direktory tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda sport ýaryşlary we köpçülikleýin sport medeni çäreleri yzygider geçirilip, bu ýaryşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyplaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin wagyz etmäge hem-de giňden ornaşdyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmäge, talyplaryň arasynda dostluk-doganlygy berkitmäge,ýaşlaryň medeni dynç alyşyny gurnamaga, şeýle-de sportuň görnüşlerine talyp ýaşlaryň höwesini artdyrmaga gönükdirlendir.
“Türkmenistan”-ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasynyň Lebap welaýat bölümi tarapyndan Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän 11-nji sport mekdebinde orta hünär we tehniki hünär mekdepleriniň talyp türgen oglan-gyzlarynyň arasynda sportuň ýeňil atletika görnüşiniň 4x100metr aralyga estafeta ylgawy, ylgap gelip uzynlyga bökmek we 100metr gysga aralyga ylgamak boýunça ýaryş geçirildi. Bu sport ýaryşyna Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän hünär tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň birnäçesi gatnaşdy.
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp oglan-gyzlary hem bu ýaryşda üstünlikli çykyş edip,özleriniň taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Mekdebimiziň ýeňiji bolan talyp türgenleri “Tükmenistan ”-ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasynyň Lebap welaýat bölüminiň degişli derejedäki diplomlary bilen sylaglandylar. Lebap welaýat KAB-gi tarapyndan “Bagtyýarlygyň we sagdynlygyň ýurdy jan Watanym Türkmenistan” atly şygar astynda Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän 10000 orunlyk sport toplumynda orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda küşt, şaşka we düzzüm pähim paýhas oýunlary boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda hem S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary işeňňir gatnaşyp gowy netijeler gazanmagy başardylar hem-de Lebap welaýat KAB-niň sowgatlary bilen sylaglandylar.
Goý, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan türkmen sporty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap gadam goýsun. Pursatdan peýdalanyp biz mugallymlary, ýaşlary bagtly geljege röwşen ertire alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin.
Rejep Joraýew S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.