Ýaşlary ruhy we ahlak taýdan terbiýeli edip ýetişdireliň !

176
   “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Onuň çäginde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär .Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many- mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.  
   Halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyz, Milli Liderimiz talyp ýaşlar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirmeginiň zerurlygy hut şunuň bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiz ýokary ahlaklylygyň hem-de eziz Watanymyza we halkymyza çäksiz söýgüniň belent nusgasyny görkezýär. 
    Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen 13.12.2023ý. senede biziň orta hünär okuw mekdebimizde “Ahlak we hukuk kadalarynyň arabaglanyşygy” diýen temada halypaçylyk okuw sagady geçirildi. Halypaçylyk okuw sagady mekdep ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda uly mejlisler otagynda gurnaldy. Bu köpçülikleýin gurnalan okuw sagadynyň esasy maksady ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.
    Ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlaryny üstünlikli amala aşyrmakda, biz hem öz gezegimizde halypaçylyk sagatlaryny täsirli guramak bilen jan aýaman zähmet çekeris.
   

 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
 Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy Haknazarow Bagtyýar. 

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71