Döredijilik bäsleşigi

105
   Döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen Türkmenistanyň teklip etmeginde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy.
    Öz iline,onuň ruhy abadanlygyna hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezen akyldar, nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde ýörite sergi we döredijilik bäsleşigi yglan edildi.“ Dillerde dessan Pyragy” ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşigine 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda badalga berildi. Bäsleşigiň esasy şerti ähli döwürleriň, eýýamlaryň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgulary, poemalary, liriki oylanmalary, öň bar bolan edebi eserlere ýüzlenip nezireçilik janrlaryny döretmekden ybaratdyr. Döredijilik bäsleşiginiň  ilkinji günlerinden başlap talyp ýaşlarymyz we mugallymlarymyz özleriniň döreden çeper eserlerini tabşyrdylar. Häzirki wagtda bolsa hut Täze ýyl baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda iň gowy ýazylan döredijilik işleri ýörite döredilen topar esasynda seljerildi we orta hünär okuw mekdebimiz boýunça Baş baýrak we 1-nji,  2-nji, 3-nji oruny eýelän ýaş edebiýatçylar gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
   Beýik akyldarymyzyň döredijiligini düýpli öwrenmäge,ösdürmäge şeýle mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat 
agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
 mugallymy Joraýew Murat

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71