Bilimli nesle belent ynam
94 Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdyr baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň durmuşy özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy.
Täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýüşüýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitaby ähli türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärine eýe bolmaklary we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda zerur şertler döredilýär. Hut şu nukdaý nazardan, durmuşyň islendik ugrundan baş alyp çykýan giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, ösen tehnologiýalara düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýetimizi ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlar kemala gelýär.
Täze eýýamyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni, aýy biri-birinden tapawutlanyp, raýatlaryň, ýaşlarmyzyň bagtyýar ýaşaýşyny täze öwüşgünler bilen bezeýär. Ýurt Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy döredijilik we sport bilen meşgullanmagy ukyp-başarnykllaryny doly ýüze çykarmagy bn ähli şertleri döretmek, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, biziň belent borjumyz we maksadymyzdyr.
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gülläp- ösýän Watanymyzda ýaşaýan halkymyz jemgyýetiň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda uly üstünlikler gazanýar. Ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin giň şertler döredilýär. Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Çünki, berk bedenli, sagdyn ruhly giň dünýägaraýyşly ruhybelent nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işler dunýä nusgalykdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri Watan, Döwlet, Adam hakdaky taglymatlary, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk hakyndaky ýörelgeleri päk ahlak halallyk hakyndaky öwüt-nesihatlary ýaşlar üçin nusgalyk görelde mekdebidir.
Çünki, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar şu nurana ýol bilen beýik geljege barýarlar.
Berkarar döwletiň Täze eýýamyň Galkynyşy döwründe şeýle ajaýyplyklary bagş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan döwletli tutumlarynyň rowaçly ýyllara rowan bolmagyny arzuw edýäris!
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Aýjemal Klyçewa