Ylym egsilmez baýlyk
96 Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylyan her bir işler ykdysady kuwwatymyzy mundan beýlek-de ösdürmäge gönükdirilendir.
Ykdysadyýetimiziň iň esasy pudagynyň biri hem oba hojalyk pudagydyr. Ýurdumyzyň ilatyny bol-elin azyk önümleri bilen üpjün etmek üçin, ýylyň ähli paslynda ýyladyşhanalarda oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek işleri häzirki wagtda giňden ýola goýuldy.
Ynha biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde hem ýyladyşhanalar bolup onda banan, papaýa ýaly tropiki miweler we subtropiki limon ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde Agronomçylyk hünäriniň talyplary nazaryýetde alan bilimlerini tejribeleriň üsti bilen has hem berkidýärler. Talyplar bu ösümlikleriň ösdürilip ýetişdiriliş tehnologiýasyny we olardan bol hasyl almagyň inçe syrlaryny ele alýarlar. Ýyladyşhanada banan, papaýa, limony ösdürip ýetişdirmek döwrebap usullarda alnyp barylýar. Ýylylygy halaýan bu ösümlikleriň üstünlikli uýgunlaşmagy üçin zerur bolan oňaýly howa şertleri döredildi. Ylmy taýdan çemeleşmeleriň hem-de tutanýerli zähmetiň netijesinde ýyladyşhanada banan, papaýa, limon ösdürip ýetişdirmekde uly üstünlik gazanyldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda hemmetaraplaýyn, bilimli, ýokary hünärli zähmetsöýer ýaş hünärmenleriň ýetişdirilmegine döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Kuluşowa Bägül Ýaşuzakowna