Gadymy Amul galasy

199
   Gadymy Amul şäher galasy ýurdumyzyň iň bir gadymy, taryhy ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar. Onuň taryhy birnäçe müňýyllyklara uzaýar.Amul gadymy Merw bilen gadymy Buharanyň arasynda amatly ýerde ýerleşipdir. Amul öz wagtynda iri medenýet we söwda merkezi bolupdyr.
   Amul adynyň gelip çykyşy entäk taryhçylar tarapyndan doly öwrenilmedik. XV  asyryň ahyrynda Amul ady Çärjew ady bilen çalşyldy. Şeýle-de bolsa  XVIII-XIX asyrlarda Ýewropa kartalarynda käwagt onuň öňki “Amul” adyny görmek bolýar. Türkmen hünärmenleri şäherçäniň golaýynda meýdan işlerini gurap, indi birnäçe ýyl bäri  baý arheologiki materiallary öwrenýärler. Taryhy bolmadyk halkyň geljegi hem bolmaz diýilişi ýaly ýaşaýan sebitimiziň taryhyny öwrenmek biz ýaşlaryň, taryhçylaryň mukaddes borjumyzdyr.
   Türkmen oba hojalyk uniwesitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde “Gadymy Amul-müdimi taryh” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda mekdebimiziň jemgyýetçilik guramalary, taryhçylary we talyp ýaşlary Amul galasy barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Maslahatdan soňra talyp ýaşlar bilen bilelikde Amul galasyna gezelenç guraldy. Gezelenç maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy.
   Ata Watanymyzy  belentden-belent sepgitlere, merdana hem zähmetsöýer halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren, eziz Watanymyzy mähriban halkymyzy jany-teni bilen söýýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli Beýik işleri elmydama rowaç bolsun! 

 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw
 mekdebiniň mugallymy Jeren Pälwanowa 

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71