“Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy.
94 Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary we köp sanly ýaşlar gatnaşdy.
Orta hünär okuw mekdebimiziň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly çärede Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil üçin edýän aladalary netijesinde durmuşa geçirilýän üstünlikler barada çykyşlara tomaşa edildi. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri ýurdumyzda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda, möhüm meseleleri çözmekde ýaşlar üçin gymmatly gollanmadygy aýdylyp geçildi. Bellenilişi ýaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň Gahryman Arkadagymyza sowgat berilmegi bütin türkmen halkyny, hususan-da türkmen ýaşlaryny örän begendirdi, buýsandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz kitabynyň “Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly” atly bölüminde, “Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek” atly bölümlerinde ýurdumyzyň geljegi, ähli babatlarda garaşylmaly üstünliklerimiz üçin esasan ýaşlara uly ynam bildirilýänligini belleýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda bolsa dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň döwet galamynyň mundan beýläk-de ýiti bolmagyny, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny wasp edýän kitaplarynyň höwri köp bolsun!
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Metreýimowa Raksana