Taýboksda gazanylan üstünlik.

174
    Ata Watanymyzda beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemäge ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde halkymyz sporta parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrýan gymmatlyk hökmünde aýratyn gadyr goýýar. Sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär.
   Parahatçylygyň we dost doganlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýaňy-ýakynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýer ýüzüniň 50-den gowrak döwletinden 500-e ýakyn myhman gatnaşan bu dünýä çempionata Türkmenistandan 15 türgen gatnaşdy.
   Sport baýramçylygynyň ýaýbaňlandyrylan günlerinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Taýboksing we gatyşyk söweş sungatlarynyň Federasiýasy tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň kubogynda erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda biziň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebimiziň talyby Hasanowa Reýhan 63,5 kg agram derejesinde çykyş edip I orny eýeledi. Ýeri gelende aýtsak türgen gyzymyz Dokma önümçiligi hünariniň 1-nji ýyl talyby bolmak bilen ol şu günki güne çenli Lebap welaýatynyň çäginde sportyň Kikboks we Taýboks görnüşlerine geçirilen bäsleşiklerde    2 sany bürünç medala we 1 sany altyn medala mynasyp bolupdy. Hasanowa Reýhan 14 ýaşyndan başlap sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp başlandygyny we tälimçisi Bagtyýar Durdyýew bilen bilelikde birnäçe ýaryşlara gatnaşandygyny gürrüň berýär. 
   Türkmen türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň sakasynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary we gös-göni gatnaşmaklarynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek boýunça geçirýän giň gerimli işleri, döwlet maksatnamalary dur. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly sport -bu diňe bir üstünlikler we medallar däl-de eýsem, kuwwatly durmuş, birleşdiriji güýç bolup, medenýet,  ykdysadyýet, diplomatiýa bilen berk baglanyşyklydyr.
   Bize okamaga, işlemäge, döretmäge ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat
 Agrosenagat orta hünär okuw 
mekdebiniň mugallymy Rozyýewa Gülşat

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71