“Ojakdan başlanýar sagdyn jemgyýet” atly wagyz nesihat çäresi.

103
   Sagdyn jemgyýet ýörelgelerini ündemek maksady bilen baglanşykly Türkmenistanyn Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnasmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenabat şäher medeniýet öyünde geçirilen bu çärede welaýatymyzyň kümüş saçly eneleri, jemgyýetçilik guramalaryn hünärmenleri gyzykly çykyşlary etdiler. Ojakdan başlanýar sagdyn jemgyýet diýlişi ýaly, sagdyn jemgyýet ilki bilen maşgaladan başlanýar. Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly nusgalyk ýoluny wagyz etmek işi döwrebap hem-de milli ýörelgelere esaslanyp mynasyp dowam etdirilýär. 
   Edep terbiýe mukaddes ojakdan başlanýar. Ynsanyň ykbalynda atanyň ogla, enäniň gyza görkezýän terbiýesiniň, göreldesiniň nä derejede ulydygyna adamzat jemgyýeti asyrlaryň dowamynda has aýdyň göz ýetirdi. Her bir adamyň özüni alyp barşy içki pikirleri töweregindäkiler bilen hem-de jemgyýet bilen baglanyşdyrýan aragatnaşyklary ahlak kadalary baglanyşdyrylýar. Ahlak terbiýäniň esasy maksady adamda edep-terbiýäni, päk ahlaklylygy jemgyýete peýdaly gowy endikleri we asylly häsiýetleri terbiýelemekden ybaratdyr.Ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda hem milli we ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak halallygy we zähetsöýerligi hemra edinmek, kämil düşünjeli bolmak esasy orny eýeleýär.   
   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara sowgat eden “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitaby ýaşlarymyzyň, Watanymyzyň geljegidigine, olara uly üns berilýänligine şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň edep-ekramly, ahlak terbiýeli bolup ýetişmekleri türkmençilik ýörelgeleriniň esasydyr. 
   Bagtyýarlygy baýdak edinip, aydyň ertirlere sary ynamly öne barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyz güllesin, gül açsyn!

 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
 Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
   okuw mekdebiniň mugallymy 
   Taňryberdiýew Guwanç

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71