Terbiýeçilik-halypaçylyk sagadynda ‘’Kitap-Ylym-Bilimiň çeşmesi’’

108
   Türkmen halky kitaba,ylym-bilime uly sarpa goýýar.Şonuň üçin hem halkymyzda kitap okamak,bilim öwrenmek asylly ýorelge hökmünde ýoredilip gelinýar.Biz muny kopsanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň edebi mirasyndan hem aýdyn görýäris.Bu bolsa kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly ornuň bardygyny subut etdi.
   Häzirki ajaýyp döwrümizde elektron kitaplaryň gory döredildi, bilim portaly işe girizildi.Bularyň hemmesi ylym-bilim öwrenmäge,kitap okamaga,dünýagaraýşyny baýlaşdyrmaga döwrebap mümkinçilikleriň ýaslar üçin doredilyändigini beýan edýär.
   Ýaslaryň bilimini,ylymyny artyrmak üçin,şeýle terbiýeçilik- halypaçylyk sapaklary ‘’Dokma önümçiligi’’hünariniň 117-nji toparynyň talyplary bilen welayat kitaphanasynda gurnaldy.Ýaşlary ylym-bilim bilen terbiýelemek döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçilen sapak oňa gatnaşanlara ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba-hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň
 mugallymy Enejan Hemraýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71