Hoşallyk maslahaty geçirildi.

181
   2024-nji ýylyň Fewral aýynyň 23-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Türkmenabat şäher komitetiniň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň  gatnaşmagynda, Türkmenistanda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ähli pudagynda alynyp barylan işleriň jemi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 9-da geçiren giňişleýin mejlisinde kabul edilen taryhy kararlara bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi. 
   Maslahatda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň, Saýat etrabynyň öňdebaryjy kärendeçileri, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary, mekdebimiziň mugallymlary täsirli çykyşlary etdiler. Bellenilişi ýaly tutuş oba hojalyk toplumynda 2023-nji önümçiligiň ösüş depgini 106,8 göterime deň boldy, Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 197,9% ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda türkmen babadaýhanlary bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak , ýerleri sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalyryny, tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Şeýle hem oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen suw howdanlarynda suw toplamak, olary rejeli we netijeli peýdalanamak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler hem gyzgalaňly dowam etdirilýär.
   Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň düzümini täzeden üýtgedip guramak baradaky karara gol çekdi. Oba hojalyk ekinleriniň hasylylygyny ýokarlandyrmak , maldarçylygy we guşçylygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önmçiliklerini döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň bölünip aýrylmagy arkaly 
1. “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi
2. Azyk senagaty döwlet birleşigi
3. Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi
4. “Türkmenpagta” döwlet konserni
5.“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi döredildi. Mundan başgada oba hojalyk önümleriniň Döwlet satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlary has hem begendirdi. Türkmen babadaýhanlaryny, oba hojalykçylaryny begendiren bu şanly wakalar welaýat merkezlerinde etraplarda şäherlerde dabary çäreler bilen utgaşdyryldy.
                                                                 

     S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat agrosenagat 
orta hünär okuw mekdebiniň 
mugallymy Nurmamedow Zafar

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71