Tebigat bilen sazlaşyk.
136 Hormatly Prezidentimiziň ekalogiýa syýasatynyň esasy maksady adamzat ýaşaýşynyň çeşmesi bolan tebigaty goramakdan, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawy abat saklamakdan, baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda tebigaty goramak, rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasaty hökmünde öňe sürülýär.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul edilen taryhy kararlar, çözgütler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokary göterilmegine giň ýol açdy.
Gahryman Arkadagymyz özüniň çykyşynda: “Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa, biziň ählimizi daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär” diýip belleýär.
Çogly güneşli, gaýtalanmajak ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi we özboluşly näzikligi bilen tapawutlanýar.
Gözel tebigatymyzy, daşky gurşawy goramak, oňa aýawly çemeleşmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bu işe öz goşandymyzy goşmak üçin gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy Nurjemal Amanowa