Baýramyňyz gutly bolsun mähriban zenanlar!
150 Türkmen halkynyň her bir güni toýdyr-baýramlara şanly senelere beslenýär. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde özleriniň owadanlygyny bahar bägüllerinden alan zenanlarymyzyň, gyz-gelinlerimiziň baýramy bellenip geçilýär. Şahyrlaryň, ýazyjylaryň waspyny etmäge söz tapmadygy zenanlarymyzyň baýramçylygyny türkmen halkymyz giňden belleýär. Bu ajaýyp baýram halkymyzyň gelin-gyzlara ,mährem enelere, ajaýyp zenanlara bolan hormatyny özünde jemleýän, milli dessurlarymyza esaslanýan dabaradyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlarynyň ruhy, aň-paýhas we ahlak mümkinçilikleri durmuş meselelerini çözmekde, medeni däpleri gorap saklamakda, ýaş nesli terbiýelemekde barha işjeň ulanylýar. Zenanlar baradaky alada, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly ýaşlary. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda belentden-belent ösüşler gazanylýar. Ynsan mertebesi belent tutulýar. Enelerimize, gyz-gelinlerimize uly hormat goýulýar. Ak saçly enelere , köp çagaly gelinlere hormatly atlardyr orden-medallar dakylýar. Bagtyýar jemgyýetimizde zenanlar hünär saýlap, bilimlerini çuňlaşdyryp zähmet çekmekleri barada edilýän aladalar sanardan köpdür. Bularyň ählisi Watanymyzda zenana goýulýan hormatyň çäksizligidir.
Goý mukaddes ojaklarymyzy mähir bilen çoýýan, ýyladýan, perzentlerimiziň terbiýesine mähir bilen garaýan, ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň gelşigi nurana ýüzli mährem enelerimiz, zenanlarymyz toýlarymyza, öýlerimize bezeg bersin!
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy M.Arslanowa